Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
27.10 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşyk geçirildi.
27.10 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şakir Kargar bilen duşuşyk geçirildi.
27.10 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
25.10 2020
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.
25.10 2020
Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 83 868 097,0 müň manat we çykdajylar boýunça 83 716 718,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly.
24.10 2020
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
24.10 2020
Türkmenistanyň Mejlisi “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda” kararlary kabul etdi.
23.10 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
23.10 2020
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.10 2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenistanda radioýaýradyş toruny giňeltmek üçin zerur bolan FM radioýaýradyjy enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek barada Awstriýa Respublikasynyň «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
815 sahypa
Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar