19.10
2020
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.
18.10
2020
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
17.10
2020
Şu gün Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.
16.10
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
16.10
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Karary tassyklanyldy.
16.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.
15.10
2020
Şu gün «Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
15.10
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
14.10
2020
Şu gün “Turkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly» milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.10
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.