Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy. BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milletler Bileleşigi bilen yzygiderli alnyp barylýan köpýyllyk dialogyň strategik häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alnyp, geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, okuw maslahatlary, sergiler, medeni çäreler hem-de beýleki wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegi ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.
Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň söwda toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleridir.
Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyk babatdaky başlangyçlaryny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynyň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýandygyny aýtdy we bu teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda 900 million manada golaý ýokary amatlykly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde welaýatlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň ägirt uly maksatlaryna gönükdirilen wajyp çäreler durmuşa geçirilýär.