Baş sahypa
\
Sport
\
Anahaýmda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ilkinji medal
Sport
Anahaýmda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ilkinji medal
Çap edildi 01.12.2017
3461

Anahaýmda (ABŞ) geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji medallaryny gazandy. Zenanlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde watandaş gyzymyz, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa üç medal – umumy agram boýunça kümüş medalyny hem-de ştangany çekip we itip galdyrmakda iki sany bürünç medalyny gazanmagy başardy. Däp bolşy ýaly, türgenleriň arasynda ilki ştangany çekip galdyrmak boýunça bäsleşik boldy. Şunda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekili 91 kilorgam netije bilen üçünji orny eýeledi, biziň türgenimizden Rio-2016-nyň olimpiýa çempionlary Sopita Tanasan (Tailand), Sýuý Şuszin (Hytaý Taýbeýi) üstün çykdylar. Ýaryşyň ikinji görnüşinde—ştangany itip galdyrmakda K.Şermetowa filippinli Hidilin Dias (Rio-2016-nyň ýeňijisi) bilen 113 kilogram derejedäki birmeňzeş agramy galdyryp, üçünji orny eýeledi hem-de ondan diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galdy. Altyn medaly bolsa birinji ýaryşda bolşy ýaly, Tailanddan gelen türgen zenan eýelemegi başarda, ol 114 kilogram agramyň hötdesinden gelmegi başardy. Ýaryşlaryň ikisinde hem durnukly çykyş etmegi netijesinde Kristina 204 kilogram agramy galdyrmagy başardy hem-de dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi boldy. Altyn medaly Tailanddan gelen Sopita Tanasan 210 kilogram argam derejesi bilen, bürünç medalyny bolsa Filippinlerden gelen türgen zenan gazanmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly türgen sentýabrda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynda ondan yza galdy, emma Anahaýmda 5 kilogram artyk göterip, ynamly ýeňmegi başardy. Bu üstünligiň goşa gymmaty bar, çünki ol şeýle ýaryşlarda türkmen türgenleriniň 1993-nji ýyldan soň gazanan ilkinji medalydyr, bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň elden giderilen üstünlikleriň öwezini dolýandygyna şaýatlyk edýär. Galyberse-de, 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty Türkmenistanda geçer. Häzirki dünýä çempionaty bolsa dowam edýär, Anahaýmdan hoş habarlara garaşaýmak galýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow