Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler
Sport
Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler
Çap edildi 03.12.2017
3388

Türkmenistanly pälwanlar Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň hatarynda Aşgabatda sentýabrda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän güýçli türgenler bar. 4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan türgenleriň 270-si gatnaşýar. 60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üstüni bürünç medallaryň 6-sy doldurdy. Erkekleriň arasynda 66 kilogram agramda çykyş eden Marat Orazow we Erkin Omurzakow, şeýle hem 73 kilogram agramda bäsleşen Begenç Baltaýew bu medallaryň eýeleri boldular. Zenanlaryň arasynda bolsa 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Gülşat Nasyrowa, Mähriban Gurbanowa (57 kg), Zarina Saparowa (48 kg) dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Soňky habarlar
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow