Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen agyr atletikaçylary Anahaýmada sowly çykyş edýärler
Sport
Türkmen agyr atletikaçylary Anahaýmada sowly çykyş edýärler
Çap edildi 03.12.2017
3322

Anahaýmada agyr atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyşyny dowam edýär. Türgenlerimiz kümüş medallaryň ýene 3-sini gazandylar. Erkekleriň arasynda agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow 77 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp we itekläp götermekde jemi 352 kilogram netije görkezip, ikinji orna mynasyp boldy. Ol şu ýyl ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolan ABŞ-ly Harrison Deýs Maurusdan 4 kilogramy artyk göterip, öňe saýlandy we Rio—2016 Olimpiadasynyň bürünç medalynyň eýesi Mohamet Mahmuddan bolsa 9 kilogram agramy pes göterdi. Ýeri gelende aýtsak, Rejepbaýyň bu netijesi “Aşgabat 2017” oýunlarynda görkezen netijesinden bary-ýogy bir kilogram pesdir. Şu gezekki çempionatda Rejepbaý silterläp 158 kilogram ,Itekläp bolsa 194 kilogram netije görkezdi. Müsüriň wekili hem 165 we 196 kilogram netije bilen ýokary netije gazandy, amerikaly türgen 155 we 193 kilogram netijeler bilen üçünji orunlaryň ikisini eýeledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýygyndy topary 4 kümüş we 2 bürünç medal gazandy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow