Baş sahypa
\
Sport
\
Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlarynda türkmen pälwanlary bir altyn we bürünç medallaryň hem bäşisini eýelediler
Sport
Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlarynda türkmen pälwanlary bir altyn we bürünç medallaryň hem bäşisini eýelediler
Çap edildi 03.12.2017
3304

Minskide Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlary tamamlandy, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary bürünç medallaryň ýene üçüsine mynasyp boldy. Olaryň ikisi toparlaýyn bäsleşiklerde, biri bolsa şahsy ýaryşlarda gazanyldy. Türgenlerimiz jemi alty medala – bir altyn we bäş bürünç medala eýe boldular. Goşanyýaz Durdyýewden, Orazmyrat Çaryýewden, Gaýgysyz Atabaýewden, Annamyrat Goşanyýazowdan we Serdar Hydyrowdan ybarat türkmen taekwondoçylarynyň topary iki görnüş: toparlaýyn (toplumlaýyn maşklar) tulda we toparlaýyn sparringlerde oňat netijeleri görkezdi. Ýurdumyzyň ýygyndy topary agzybir we sazlaşykly hereket edip, bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Abdyrahman Hasanowyň bürünç sylagy medallaryň jemini jemledi, türkmen türgeni Russiýa Federasiýasynyň tejribeli türgeninden üstün çykyp, şeýle netije gazandy. Habar berlişi ýaly, Minskide geçirilen iri ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän başa-baş tutluşyklaryň birnäçe görnüşini öz içine alýar. Halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmak ýaly şeýle tejribe, şeýle hem söweş sungatynyň bu görnüşiniň ähli yklymlar boýunça ýaýramagy oňa geljekde olimpiýa görnüşiniň belent derejesine ýetmäge mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow