Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
Jemgyýet
Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
Çap edildi 02.01.2018
1945

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär. Şu günler paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ertekileri ýada salýan şäherjige öwrüldi. Owadan bezelen arçadan başga-da, wepaly dost hem-de goragçy alabaý dabaranyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Gündogar senenamasy boýunça ol 2018-nji ýylyň nyşanydyr. Okuwçylary Gökderä dabaraly ýagdaýda ugratmak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk hem-de çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary-da geldi. Olar şadyýan aýdym-sazyň owazy astynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynda terbiýelenilýänler bilen bilelikde şowhunly Täze ýyl dabarasyny taýýarladylar. Artistler şadyýan aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çagalary ugratdylar. Şondan soňra baýramçylyk lybasyna beslenen awtobuslaryň kerweni olary Gökderä alyp gitdi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde, arça tokaýlyklary emele gelen täsin dereleriň arasynda çagalara giň möçberli dynç alyş maksatnamasy garaşýar. Şol maksatnama laýyklykda, çagalar owadan arçalaryň daşyndan aýlanar, dürli paýhas çäreleri, oýunlar we bäsleşikler, ýurdumyzda meşhur aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçiriler. Arassa dag howasy, ajaýyp ýerlere gyzykly gezelençler, sagaldyş merkezleriniň sport toplumlarynda meşgullanmak, oýun hem-de kompýuter otaglary, geljekki konstruktorlar hem-de el-işleri bilen meşgullanjak üçin gurnaklaryň ussahanalary orta mekdepleriň okuwçylaryna saglygyny berkitmäge hem-de täze bilimleri almaga kömek eder. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki 14 sany saglygy bejeriş merkezlerinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan bäş sany täze merkezde çagalar üçin Täze ýyl dynç alyşy guralar. Gyşky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde çagalar üçin giň medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlandy. Oňa laýyklykda, teatrlarda çagalar sahna oýunlary görkeziler, döredijilik duşuşyklary, sport ýaryşlary guralar. Olar çagalara geljekki okuw çärýeginiň öňüsyrasynda göwnejaý dynç almaga hem-de güýç toplamaga ýardam berer.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow