Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň ilkinji tapgyryny geçdi
Sport
“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň ilkinji tapgyryny geçdi
Çap edildi 30.01.2018
3212

“Ahal” futbol topary iki duşuşygyň umumy netijeleri boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi “Dordoý” (Bişkek) futbol toparyny ýeňip, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi. Bişkekde 3:1 hasabynda biziň toparymyzyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdan soň, türkmen topary şu gün Balkanabatda garşydaşlary bolan gyrgyz futbolçylaryny kabul etdi. Myhmanlar azyndan üç pökgini derwezä geçirmelidi. Myhmanlar ilkinji minutlardan ýer eýeleriniň derwezesine köp hüjüm geçirdiler. Birinji ýarymyň tutuş dowamynda biziň toparymyzyň derwezesiniň alkymynda howply pursatlar ýüze çykdy, emma goragda ýerine ýetirilen ynamly oýunlar hem-de derwezeçi Batyr Babaýewiň ussatlygy garşydaşyň hüjümlerini yza serpikdirdi. Türkmenistanlylara gyrgyzystanly futbolçylaryň öz jerime meýdançasynda ýalňyşmaklaryny gazanmak başartdy we on bir metrlik jerime urgusy bellenildi. “Dordoýyň” derwezeçisine “Ahalyň” kapitany Didar Hajiýewiň ilkinji urgusyny yzyna gaýtarmak başartdy, ýöne bu hereket ýerine ýetirilende düzgüniň bozulmagyna ýol berildi. Duşuşygyň emini oňa sary duýduryş kagyzyny görkezdi, on bir metrlik jerime urgusy bolsa täzeden ýerine ýetirildi. Bu gezek D. Hajiýew urgyny dürs ýerine ýetirdi. Emma, myhmanlar ýeňilendigini boýun almak islemediler. Gyrgyz toparynyň oýunçysy, asly türkmenistanly Amir Gurbaniniň dürs urgularynyň ikisi bilen, “Ahal” toparynyň derwezesine pökgüler geçirildi. Duşuşygyň ahyry örän dartgynly boldy, ýöne 90-njy minutda Süleýman Muhadow hasaby 2:2 edip deňlemek bilen, iki tapgyrdaky garşy durmagyň gutarnykly netijesine getirdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary ýaryşyň indiki tapgyryna çykýar. Indi, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyryna düşmek üçin “Ahal” topary soňky saýlama tapgyryny geçmeli bolar. Şonda biziň futbolçylarymyzyň garşysyna Täjigistanyň Kubogynyň eýesi “Hujand” topary çykar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow