Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar
Sport
Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar
Çap edildi 04.02.2018
3134

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar. Ýaryşlaryň jemleýji güni medallara bereketli gün boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň abraýyny Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ikinji ýyl talyby I.Welihanowa gorady. Ýaryşlaryň dört görnüşinden (päsgelçilikli 60 metr aralyga ylgamak, beýiklige bökmek, ýadro zyňmak, uzynlyga bökmek) soň, biziň türgen gyzymyz dördünji orna geçip, Gazagystandan bolan bäsdeşinden yza galdy. Emma 800 metr aralyga jemleýji ylgawda gazanylan ýeňiş I.Welihanowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmaga mümkinçilik berdi. 4400 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşda gazanylan üstünlik biziň ýygyndymyza bürünç medalyny getirdi. O.Hudaýbergenowa, W.Meredowa, M.Rozymowa hem-de I.Welihanowa “Aşgabat — 2017 ” oýunlarynda gazanan netijelerini berkitdiler.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow