Baş sahypa
\
Sport
\
AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde “Ahal” Täjigistanyň “Hujand” toparyny ýeňdi
Sport
AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde “Ahal” Täjigistanyň “Hujand” toparyny ýeňdi
Çap edildi 13.02.2018
3192

1-0 hasaby bilen tamamlanan duşuşyk Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köpugurly sport toplumynda geçirildi. Duşuşygyň başyndan biziň futbolçylarymyz artykmaçlygy öz eline alyp, garşydaşyň derwezesiniň alkymynda yzygiderli hüjümleri alyp bardylar. Ahallylaryň ýiti hüjümleri täjigistanly futbolçylaryň howply pursatlary sowmaga synanyşmaklary bilen, yzygiderli ýalňyşmagyna alyp bardy. Oýnuň 17-nji minutynda myhmanlaryň goragçysynyň ýalňyşlygy netijesinde on bir metrlik jerime urgusy bellenildi. Myrat Annaýew dürs urgy bilen pökgini derwezäniň burçuna salmagy başardy. “Ahalyň” üstünlikden ruhlanan futbolçylary hüjümlerini dowam edip, gazanan tapawutlaryny artdyrmaga birnäçe mümkinçilikleri aldylar, emma duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli hasap öňküligine galdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda oýun has rahat ýagdaýda geçdi. Taraplaryň ikisini hem bu netije kanagatlandyrýardy—gaýyş pökgüniň türkmen ussatlaryny az artykmaçlyk bilen bolsa-da, ýeňiş, Täjigistanyň futbolçylaryny bolsa, kiçi hasap bilen bolandygyna garamazdan, ýeňiliş kanagatlandyrýana meňzeýärdi. Duşuşyk bir pökgi tapawut bilen hem tamamlandy. Ildeşlerimiziň ýurdumyzda gazanan ýeňişi uly bolmasa-da, jogapkärli duşuşygyň öň ýanynda artykmaçlyk bolup durýar. Şol jogapkärli duşuşykda hem AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýlaw tapgyryna çykmakda ýollanmanyň ykbaly çözüler. “Ahal” nobatdaky duşuşygyny 20-nji fewralda Hujand (Täjigistan) şäherinde geçirer. Ozal Türkmenistanyň topary iki oýnuň umumy netijeleri boýunça Gyrgyzystanyň Kubogunyň eýesi “Dordoý” (Bişkek) toparyny ýeňip, Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow