Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylarynyň Minsk şäherindäki ýaryşda ilkinji medaly
Sport
Türkmen samboçylarynyň Minsk şäherindäki ýaryşda ilkinji medaly
Çap edildi 16.02.2018
3145

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda sport we söweş sambosy boýunça Açyk çempionatynyň birinji gününde aşgabatly Ýusup Ismailow (52 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala mynasyp boldy. Şu agram derejede Russiýadan, Ukrainadan, Mongoliýadan gelen türgenler we ýer eýeleri bäsleşdiler. Ýaryşy Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrligi, Halkara höwesjeňler sambo federasiýasy (FIAS), “Prezident sport kluby” respublikan döwlet-jemgyýetçilik birleşigi, Minskiniň şäher ýerine ýetiriji komiteti, Milli olimpiýa komiteti we Belarusuň sambo federasiýasy guradylar. Ýaryşlara 10 döwletiň toparlary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň ýygyndysyna 18 türgen wekilçilik edýär. Ýaryş 18-nji fewrala çenli dowam eder. Şeýlelikde, ýaryşlaryň birinji gününde gazanylan medalyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanmak üçin esas bar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow