Baş sahypa
\
Sport
\
Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar
Sport
Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar
Çap edildi 18.02.2018
3512

Minskide Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky sport we söweş sambosy boýunça geçirilen açyk çempionatda biziň türgenlerimiz üç kümüş we iki bürünç baýragy gazandylar. Biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda söweş sambosy boýunça gazanylan medallaryň dördüsi hasaba alyndy. 100 kilogramdan gowrak has ýokary agram derejede geçirilen bäsleşikde Muhammet Nobatow kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýerde biziň türgenimiz bilen Ukrainanyň samboçysy bäsleşdi. 74 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edenleriň arasynda hormat münberiniň ikinji we üçünji basgançagyna degişlilikde biziň türgenlerimiziň birbada ikisine– Abdylla Babaýewe we Şatlyk Çaryýewe çykmak başartdy. Türkmenistanly Ruslan Ismailow (62 kilogram agrama çenli) bäsleşigiň bürünç medalyna eýe boldy. Ýaryşlaryň ilkinji gününde 52 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ýusup Ismailowyň russiýaly türgen bilen duşuşyp, kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatlalyň.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow