Baş sahypa
\
Sport
\
Ýurdumyzyň toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler
Sport
Ýurdumyzyň toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler
Çap edildi 07.03.2018
3202

Şu gün “Altyn Asyr” we “Ahal” futbol toparlarymyz Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň “D” toparçasynda ilkinji oýunlary geçirdiler. Türkmenistanyň häzirki çempiony — Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Oş şäherinde Gyrgyzystanyň “Alaý” toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygy geçirdi. Bu topar hem sportuň şu görnüşinde öz ýurdunyň çempionydyr. Oýun toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýunlarynda iň netijelisi boldy. Biziň futbolçylarymyz duşuşygy ynamly başlap, eýýäm 11-nji minutda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň pökgüleri derwezä geçirmekde iň ýokary netijäni gazanan türgeni Myrat Ýakşiýew hasaby açdy. Soňra owadan utgaşykly tilsimlerden soň, gyrgyz toparynyň derwezesine ikinji pökgini Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Ýer eýeleri bir jogap pökgini geçirmegi başardylar, ýöne indiki hüjümiň netijesinde A.Annadurdyýew ikinji pökgini hem derwezä geçirip, tapawudy artdyrdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda “Alaý” aratapawudy gysgaltdy. Soňra toparlar birek-biregiň derwezesine pökgüleri geçirdiler. M.Ýakşiýew duşuşykda ikinji pökgüsini derwezä geçirdi. Hasap 4:3 boldy. “Altyn Asyr” toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň oýunçylarynyň birnäçesini çalşanyndan soňra, biziň futbolçylarymyz netijeli hüjümleriň ýene-de ikisini geçirdiler. Tapawutlananlaryň arasynda A.Annadurdyýew hem-de Begmyrat Baýow bar. Ahyrky hasap 6:3 boldy — bu bolsa paýtagtymyzyň futbol topary üçin ýaryşda ajaýyp başlangyçdyr. Ilkinji tapgyrda “Ahal” futbol toparynyň garşydaşy Täjigistanyň çempiony, AFK-nyň Kubogy ugrundaky geçen gezekki ýaryşyň finalçysy “Istiklol” topary boldy. Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçirildi, ýöne deslapky oýunlar arkaly toparlaýyn tapgyra çykan toparymyz mynasyp oýun görkezdi. “Ahalyň” futbolçylary duşuşygyň birinji ýarymynda pökgini derwezesine geçirtseler-de, garşydaşa hasaby artdyrmaga ýol bermediler, ýöne hasaby deňlemegi hem başarmadylar. Duşuşyk az tapawut bolan 1:0 bilen täjik toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji tapgyryň netijeleri boýunça “D” toparçasynda derwezä pökgüleri salmagy we goýbermegi boýunça “Istiklol” toparyndan öňe geçip, öňdeligi Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary, üçünji orny “Ahal” topary eýeleýär we ahyrky 4-nji orunda “Alaý” topary barýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow