Baş sahypa
\
Sport
\
Marokkodaky ýaryşda türkmen dzýudoçysynyň üstünligi
Sport
Marokkodaky ýaryşda türkmen dzýudoçysynyň üstünligi
Çap edildi 09.03.2018
3297

Agadir şäherinde (Marokko Patyşalygy) badalga alan dzýudo boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly ýaryşda Türkmenistandan bolan türgenler çykyşlaryna üstünlikli başladylar. 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe bolan halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa üstünlik gazandy. Ýaryşlara dürli derejeli ýaryşlarda has ýokary netijeleri gazanan ildeşlerimiziň 8-si gatnaşýar. Gülbadam Babamuratowa dzýudo, sambo we beýleki başa-baş söweşleriniň türkmen mekdebiniň ajaýyp türgen gyzlarynyň biridir. Onuň gazanan üstünlikleriniň hatarynda geçen ýylky birnäçe ähmiýetli ýaryşlardaky ýeňişleri bar: Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşda, “Memorial Harlampiýew” atly sambo boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda, Daşkentde sambo boýunça Aziýa çempionatynda, Aşgabatdaky V Aziýa oýunlarynda hem-de Soçide (Russiýa Federasiýasy) sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda gazanan altyn medaly bar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow