Baş sahypa
\
Sport
\
Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly
Sport
Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly
Çap edildi 12.03.2018
3138

Marokko Patyşalygynyň Agadir şäherinde geçirilýän dzýu-do boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly turnirinde watandaşymyz Batyr Hojamuhammedow bürünç medal eýeledi. Deslapky tapgyrda B.Hojamuhammedow ussatlyk görkezip, ýaryşyň 18-nji sekundynda möhletinden öň ukrain türgeninden üstün çykdy. Ol çärýek finalda turniriň geljekki ýeňijisi russiýaly Kirill Denisowdan ýeňlendigine garamazdan, hormat münberine çykmagy başardy. Türkmen türgeni bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Patrik Mozer (Şweýsariýa) bilen güýç synanyşdy. Çekeleşikli tutluşygyň üçünji minudynda B.Hojamuhammedow aýgytlaýjy emeli ulanyp, bäsleşigi möhletinden öň ýeňiş bilen tamamlady we dzýu-do sportunda ýokary netije hasaplanylýan “iponn” derejä mynasyp boldy. “Agadir Grand Prix” turniriniň jemleri boýunça türkmen dzýudoçylary iki bürünç medal eýelediler. Ozal habar berlişi ýaly, 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän, halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa hem ýygyndy toparymyzda bir bürünç medal eýeläpdi. Ol iki gezek örän netijeli emeli ulanyp, bäsleşigiň birinji minudynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow