Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” AFK-NYŇ Kubogy ugrundaky ýaryşyň esasy tapgyrynda ilkinji ýeňşini gazandy
Sport
“Ahal” AFK-NYŇ Kubogy ugrundaky ýaryşyň esasy tapgyrynda ilkinji ýeňşini gazandy
Çap edildi 13.03.2018
3272

“Ahal” futbol topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde ikinji tapgyrda Gyrgyzystanyň çempiony “Alaý” futbol topary bilen duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşyk paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirildi. Myhmançylykda ilkinji oýunda täjik toparyndan ýeňlişe sezewar bolandan soň, “Ahalyň” futbolçylary oňat oýny görkezmek islegine beslendiler diýip, duşuşygyň öň ýanyndaky metbugat maslahatynda toparyň baş tälimçisi Röwşen Meredow belledi. Türgenlerimiz öz meýdançasynda çykyş edip, tomaşa etmäge ýygnanan janköýerleriniň tamasyny ödemegi başardy. Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan türkmen topary garşydaşyň derwezesine hüjüm edip başlady. Duşuşygyň 27-nji minutynda “Ahalyň” hüjümçisi Süleýman Muhadow Guwanç Abylowyň beren pökgüsinden soň, derwezäniň aşaky burçuna pökgini dürs urup, hasaby açdy. Ýene-de alty minutdan S.Muhadow Myrat Annaýewiň beren örän ajaýyp pökgüsiniň netijesinde ikinji pökgüsini derwezä geçirdi. Soňra duşuşygyň 36-njy minutynda G.Abylow derwezäniň gapdal sütüninden yzyna gaýdan pökgini tora saldy. Oýnuň birinji ýarymy 3:0 hasabynda “Ahalyň” doly ýeňşi bilen tamamlandy. Arakesmeden soň myhmanlar hüjümleriň birnäçesini geçirdiler, emma olar netijesiz boldy. 68-nji minutda Guwanç Abylow garşydaşyň derwezesine pökgini geçirýär. Duşuşygyň ahyrynda S.Muhadowyň ýerine giren hüjümçi Nurýagdy Muhammedow goşulan ikinji minutda hasaby has-da artdyrdy. Yrakly eminiň jemleýji jürlewügi biziň toparymyzyň 5:0 hasabyny mälim etdi. “Ahal” topary 3 utuk toplap, “D” toparda paýtagtymyzyň “Altyn asyr” we Täjgistanyň “Istiklol” toparlarynyň yzyndan ýetdi. Bu iki topar 14-nji martda Balkanabatda ikinji tapgyryň ýaryşlarynda duşuşar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow