Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze binalaryň açylyş dabaralary
Jemgyýet
Täze binalaryň açylyş dabaralary
Çap edildi 14.03.2018
1891

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň ilaty üçin ajaýyp sowgada öwrülen, döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde bina edildi. Toplum köpugurly häsiýete eýe bolup, onuň zallary häzirki zaman sport enjamlary hem-de döwrebap serişdeler bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýylyň ähli paslynda sportuň basketbol, woleýbol, gimnastika, tennis, boks, göreşiň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we sport ýaryşlary geçirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem toplumda geýim çalşyrylýan, suwa düşülýän, dynç alyş toplumlary, tälimçiler hem-de eminler üçin niýetlenen otaglar bar. Toplumyň ýanaşyk ýerinde açyk sport meýdançalary, şol sanda futbol meýdançasy bar. Täze toplumyň açylyş dabarasy baýramçylyk şowhunyna beslendi. Oňa oba adamlary we olary bu ajaýyp sowgat bilen gutlamaga gelen köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli medeniýet we sungat işgärleri, aýdym-saz hem-de tans toparlary özboluşly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Ýaş türgenler sport görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabarada çykyş edenler sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny bellediler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda bu ugur boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylmagy netijesinde bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, stadionlary we beýleki sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki döwürde müňlerçe türkmenistanlylar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli çärelere işjeň goşulýarlar. Ýurdumyzda her ýylda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Dabara gatnaşyjylar sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, oba ýerlerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek maksady bilen, ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar milli Liderimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow