Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy
Sport
Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy
Çap edildi 28.03.2018
3189

Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi. Bahreýniň ýygyndy topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşyk aýgytlaýjy häsiýete eýe bolmandy. Toparlaryň her biriniň on utugy bolup, ýeňiji “E” toparyň jemleýji görkezijisinde özüniň öňdäki ornuny üpjün edýär. Ikinji orun hem ýaryşda bäsleşigi dowam etdirmäge hukuk berýär. Bu duşuşyk biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Oýnuň 12-nji we 24-nji minutlarynda bäsdeşler iki pökgi geçirdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary hem howply hüjüm etdi, emma netijeli bolmady. Oýnuň ikinji ýarymy hem şeýle ýagdaýda geçdi. Netijede, 0:4 hasabynda biziň toparymyz utuldy. Bu “E” saýlama oýunlar toparynda ýurdumyzyň futbolçylarynyň Bahreýniň toparyndan ikinji ýeňlişidir. Hytaý Taýpeýi 1:0 hasabynda Singapuruň ýygyndy toparyndan üstün çykyp, üçünji orny eýeledi, emma ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanyp bilmedi. Türkmen futbolçylary 10 utuk bilen toparda ikinji orny eýeläp, Aziýa Kubogynyň final bölegine çykdy. Bu netije ýygyndy toparymyzyň çykyşlarynyň taryhynda ikinji gezek ýetilen sepgitdir. Ýygyndy toparymyzyň bäsdeşleri 27-nji aprelde geçiriljek bije atyşlykda mälim bolar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow