Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly
Sport
Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly
Çap edildi 09.04.2018
3151

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy. “K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy. “Lou kik” ugry boýunça Gülzada Jorakulyýewa (70 kilograma çenli) ikinji orna düşdi. Röwşen Habyrow bolsa (60 kilograma çenli) bürünç baýraga mynasyp boldy. “Ful kontakt” ugry boýunça Pygy Salabow (60 kilograma çenli) üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň hasabyna ýene bir bürünç medaly goşdy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow