Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň deňme-deň oýny
Sport
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň deňme-deň oýny
Çap edildi 11.04.2018
3370

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň toparlarynyň ilkinji oýny boldy. Onda “Ahal” topary paýtagtyň “Altyn asyr” topary bilen duşuşdy. Geçen möwsümde «Türkmenistanyň çempiony» diýen at ugrunda bäsleşen bu toparlaryň arasyndaky oýun örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Garaşylyşy ýaly, oýnuň birinji ýarymynda toparlaryň ikisi hem goranyşa üns berdiler. Oýun çekeleşikli bolan bolsa-da, iş ýüzünde pökgi salynmadyk pursatlar bilen geçdi. Ýöne ýaryşyň deňme-deň barşy hiç topary, aýratyn-da oýnuň öňdebaryjysy “Altyn asyry” kanagatlandyrmady. Bäsleşigiň barşynda bu topardakylaryň tizligi düýpli artyp, “Ahalyň” futbolçylary bäsdeşleriniň hüjümlerine gaýtawul bermeli boldular. “Altyn asyryň” futbolçylary oýunda diňe bir çäk däl, eýsem, oýun artykmaçlyklaryna hem eýediler. Şeýle-de bolsa, paýtagtyň futbol toparynyň ähli tagallalaryna garamazdan, oýun jemleýji netijä getirip bilmedi. Duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Bäsleşigiň toparlaýyn derejesindäki üç oýnuň jeminden soň, “Altyn asyr” futbol topary bäş utuk toplap, häzirki pursatda ikinji orny eýeleýär. “Ahal” toparynda bolsa dört utuk bar. “D” toparynda iň öňdäki orna türkmen toparlarynyň deňme-deň oýnundan peýdalanmagy başaran Täjigistanyň “Istiklol” topary gyrgyzlaryň “Alaý” toparyny 1:0 hasaby bilen sähelçe artykmaçlykda ýeňmek arkaly çykdy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow