Baş sahypa
\
Sport
\
Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Sport
Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Çap edildi 15.04.2018
3505

Paýtagtymyzda Taekwondo (ITF) boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda agram derejeleriniň ýedisinde “başa-baş” we “tuli” görnüşlerinde medallar toplumynyň 18-si ugrunda bäsleşildi. Ýaryşa paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan erkekler we zenanlar düzümlerinden hem-de geljegine uly umyt bildirilýän ýetginjeklerden öňdebaryjy türgenleriň ýüze golaýy gatnaşdy. Mary welaýatynyň topary ýeňiji bolup, onuň hasabynda 10 altyn, 12 bürünç we şonça kümüş medallar gazanyldy. Ikinji orny 4 altyn, 6 kümüş, 5 bürünç baýraklary gazanan paýtagtymyzyň türgenleri eýeledi. Üçünji orna 3 altyn we 1 bürünç medal gazanyp, Balkan welaýatynyň taekwondoçylary mynasyp boldular. 57 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny Orazmyrat Çaryýew hem-de Annamyrat Goşanyýazow eýelediler. Olaryň sportda gazanan üstünlikleriniň hatarynda Aziýa we dünýä çempionatlaryndaky ýeňişleri bar. 63 kilograma çenli agram derejesinde Aziýanyň üç gezek çempiony, dünýä ýaryşlarynyň baýrak eýesi bolan Goşanyýaz Durdyýew altyn medala mynasyp boldy. “Tuli” görnüşinde Gaýgysyz Atabaýew ýeňiş gazandy. Zenanlaryň arasynda üstünlik Altyn Agaýewanyň (64 kilograma çenli) tarapynda boldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow