Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar
Sport
Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar
Çap edildi 24.04.2018
3126

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär. 50 kilograma çenli agram derejesinde Lebap welaýatyndan türgen Ali Babamyradow kümüş medala mynasyp boldy. Ol silkip we itekläp götermekde ikinji netije görkezdi, şeýle hem iki maşkyň jemleri boýunça ikinji orny eýeläp, Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin kümüş medallaryň üçüsini gazandy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa 48 kilograma çenli agram derejesinde iki medala eýe boldy. Türgen zenan itekläp götermekde ikinji orny, iki görnüşiň jemleri boýunça bolsa bürünç medaly eýeledi. Aziýa çempionaty dowam edýär. Biziň agyr atletikaçylarymyzyň ýene-de birnäçe üstünlikler bilen begendirjekdiklerine ynanýarys.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow