Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy
Sport
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy
Çap edildi 25.04.2018
2989

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşikleriň çäklerinde Balkanabatda toparlaýyn tapgyryň “D” toparynda geçirilen dördünji aýlawda türkmen futbol klublarynyň arasynda ikinji duşuşyk geçirildi. Onda “Altyn asyr” topary “Ahal” toparyny - 1:0 hasabynda sähelçe artykmaçlyk bilen utdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda paýtagtly toparyň oýunçysy Serdar Geldiýew pökgini derwezä saldy. Ikinji ýarymda toparlar oýnuň barşyny üýtgetmäge çalyşdylar, ýöne oýnuň dartgynlylygy artsa-da, derwezelere gönükdirilen pökgüler netijesiz boldy. Ýeňiş gazanan toparyň futbolçylary garşydaşlaryna ýiti we yzygiderli hüjüm etdiler. Netijede, “Altyn asyr” 8 utuk jemläp, bäsleşiklerde oýna gatnaşmagyny dowam etdi. Toparyň öňdebaryjysy bolan Täjigistanyň “Istiklol” topary Gyrgyzystanyň “Alaý” toparyny oýnuň ahyrky minutlarynda geçiren pökgüsi bilen 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. “Ahal” topary bolsa toparda üçünji basgançagy eýeleýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow