Baş sahypa
\
Sport
\
Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony
Sport
Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony
Çap edildi 25.04.2018
4110

Türkmen türgenleri Ürgenç (Özbegistan) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän Aziýa çempionatyndaky üstünlikli çykyşlaryny dowam edýärler. Ýaryşyň üçünji güni biziň ýygyndy toparymyzyň çykyşlary ýeňişlere beslendi. Ýaryşlaryň şeýle iri bäsleşiginde türkmen topary ilkinji gezek altyn medala mynasyp boldy. Bu üstünlige Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Reýimbergen Jumaýew 62 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Biziň türgenimiz iki synanyşykda 233 kilogram jemläp, iň oňatlaryň hataryna çykdy. Mundan başga-da, onuň hasabynda silkip götermekde 110 kg altyn we itekläp götermekde 133 kg kümüş medallar bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary umumylykda sekiz medaly - iki altyn, bäş kümüş we bir bürünç medaly gazandy. Ýaryşlar dowam edýär. Täze baýraklara garaşýarys.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow