Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar
Sport
“Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar
Çap edildi 03.05.2018
3035

“Altyn Asyr” we “Ahal” toparlary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşleri bilen öz ýerlerinde duşuşdylar. Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Balkanabatda Gyrgyzystanyň “Alaý” toparyndan üstün çykdy (5:0). Hüjümçiler Altymyrat Annadurdyýew we Myrat Ýagşyýew hersi iki pökgi geçirdi. M.Ýagşyýew, şeýle hem pökgi geçirmek üçin ýoldaşyna gowy pas berdi, netijede duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip hasap edildi. Goragçy Mekan Aşyrow hem bir pökgi geçirdi. “Ahal” toparynyň “Istiklol” täjik topary bilen geçiren duşuşygynda ýer eýeleri oýnuň dowamynda artykmaçlyga eýe bolsalar-da, bäsdeşleriniň derwezesine pökgi geçirip bilmediler. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilen oýunda biziň toparymyz 0:1 hasabynda myhmanlardan asgyn geldi. Netijede, “Altyn Asyr” topary şeýle uly we ynamly ýeňişden soň bäş tapgyryň jemleri boýunça 13 utuk toplan “Istiklol” toparyndan iki utuk yzda barýar. Emma, iki öňde barýan toparyň aýgytlaýjy duşuşygynda bu tapawudy aradan aýyrmak mümkindir. Ol duşuşyk Täjigistanda geçiriler, şonda biziň futbolçylarymyza topardan çykmak hem-de AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşy dowam etmek üçin islendik, hatda iň az hasap bilen utmak zerur bolup durýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow