Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy
Sport
Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy
Çap edildi 12.05.2018
3048

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa çempionatynda milli ýygyndy toparymyz 11 medal, şol sanda bäş altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Çempionata ýurdumyzdan 13 türgen gatnaşýar. Söweş sambosy boýunça türgenlerimiz bäş altyn medaly gazanyp, aýratyn tapawutlandylar. Ýokary agram derejesinde (100 kilogramdan ýokary) çykyş eden Babajan Iwadullaýew ýokary baýraga eýe bolup, Aziýanyň häzirki çempiony derejesini tassyklady. Geçen ýyl bu türgen Daşkentde geçirilen ýaryşda 100 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeläpdi. Çary Annagurbanow (100 kilograma çenli), Jawlanbek Madaminow (82 kilograma çenli), Rustam Penjiýew (74 kilograma çenli) we Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli) bu görnüşde ýeňijiler boldular. Abdylla Babaýew (68 kilograma çenli) we Ruslan Ýusupow (57 kilograma çenli) çykyş edip, kümüş medala eýe boldular. Söweşjeň sambo boýunça Arslan Ymamow (90 kilogram), Gurbanmuhammet Jollaýew (50 kilogram) üçünji derejeli hormat münberine çykdylar. Sport sambosy boýunça zenanlaryň arasynda Gülnar Haýytbaýewa (68 kilogram) we Zyba Orunowa (64 kilogram) bürünç medal gazandylar. Aziýanyň çempionatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medal hasabynda ikinji netijäni görkezdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow