Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn asyr” topary - AFK 2018-iň kiçi Kubogynyň eýesi
Sport
“Altyn asyr” topary - AFK 2018-iň kiçi Kubogynyň eýesi
Çap edildi 23.05.2018
3209

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde (Malaýziýa) ýerleşýän ştab-kwartirasynda AFK 2018 Kubogynyň zonal ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. “D” toparçanyň, şeýle hem “Merkezi zolakda” ýeňiji Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol toparyna ýakynda Aşgabatda iş sapary bilen bolan, AFK-nyň baş sekretary Dato Windzor Jon sertifikat we kiçi Kubok gowşurdy. Türkmenistanyň topary Aziýa — 2019 Kubogynyň final bölegine çykmak bilen, ilkinji gezek şeýle ýokary netijeleri gazandy. Şeýle üstünlik türkmen futbolynyň barha ösýändiginiň subutnamasydyr. Aşgabatlylar toparlaýyn oýunlarda öz ildeşlerimiz — “Ahal” toparynyň futbolçylaryny ýeňip, Gyrgyzystanyň “Alaý” we Täjigistanyň “Istiklol” toparlaryndan üstün çykdylar. “Merkezi zolakda” Kubogyň ykbaly jemleýji duşuşygyň iň soňky pursatlarynda çözüldi, biziň futbolçylarymyz myhmançylykda oýnap, çekeleşikli geçen oýunda Duşenbäniň toparyny ýeňmegi başardylar. Öňdäki boljak duşuşykda türkmen aragatnaşykçylarynyň bäsdeşi kesgitlenildi, ol “E” toparçanyň we “Günorta zolagyň” ýeňijisi Hindistandan “Bengaluru” toparydyr. Bu topar AFK 2016 Kubogy ugrundaky ýaryşlarda ikinji orny eýeläpdi. Finala barýan ýolda Türkmenistanyň toparyna iki duşuşykda ýeňmek zerurdyr. Ýaryşlaryň ilkinji duşuşyklary 2018-nji ýylyň 21 — 22-nji awgustynda, jogap oýunlary bolsa 28 — 29-njy awgustynda geçiriler. “Altyn asyr” topary 2008-nji ýylda ýurdumyzyň çempionatyna ilkinji gezek gatnaşdy, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogyna eýe boldy. Milli çempionatymyzyň altyn medallaryna bolsa alty ýyl garaşmaly boldy. Şondan bäri Aşgabadyň topary türkmen futbolynyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde berk orun aldy hem-de jemi dört gezek çempion adyna mynasyp boldy, üç gezek Türkmenistanyň Kubogyny we iki gezek milli naýbaşy kubogy eýeledi. Paýtagtymyzyň topary ýyllaryň geçmegi bilen ussatlygyny artdyryp, halkara derejesinde ýokary sepgitlere tarap okgunly hereket etdi. «Altyn asyr” topary 2015-nji ýylda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara, şeýle hem soňky ýyllarda bu abraýly baýrak ugrunda geçirilen bäsleşikleriň hemmesine gatnaşdy. Toparyň şu gezekki üstünligi “Merkezi zolakda” öňdeligi eýeläp, Täjigistanyň “Istiklol” topary bilen geçen ýylky duşuşykda ýeňiş gazanmaga has ýakynlap, soňra utulandyklary üçin bu gezekki ýeňiş has-da uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, türkmen futbolçylary yklymyň Aziýa böleginiň baş futbol baýragy ugrundaky ýaryşy dowam etdirerler.

Soňky habarlar
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow