Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen dzýudoçylary Hytaýyň Taýbeýinde geçirilen ýaryşda iki medaly eýelediler
Sport
Türkmen dzýudoçylary Hytaýyň Taýbeýinde geçirilen ýaryşda iki medaly eýelediler
Çap edildi 09.07.2018
2982

Dzýudo boýunça Hytaýyň Taýbeýinde tamamlanan Aziýanyň açyk halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki medala mynasyp boldular. Bäsleşiklere 23 ýurtdan iki ýüze golaý türgen gatnaşdy, olar ähli sebit konfederasiýalaryna wekilçilik edýärler. 90 kilograma çenli agram derejede Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi Tejen Tejenow altyn medaly eýeledi. Bu üstünlige barýan ýolda biziň türgenimiz bäsleşikleriň üç tapgyryny geçdi. Çärýek finalda türkmenistanly türgen bir minutdan hem az wagtda Koreýa Respublikasyndan gelen dzýudoçyny ýeňmegi başardy. Finala çykmak üçin bäsleşikde awstraliýaly dzýudoçy bilen tutluşyk birneme uzaga çekdi, emma ýarym final bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, Rokas Nenartawiçus (Litwa) bilen geçirilen tutluşyk has çekeleşikli boldy. Şunda hem T.Tejenow möhletinden öň üstün çykdy. Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubuna wekilçilik edýän Batyr Hojamuhammedow 100 kilograma çenli agram derejede iki ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Emma finalda Koreýa Respublikasynyň türgeni Kim Leýhundan asgyn gelip, kümüş medaly eýeledi. Iri halkara ýaryşlarynda bu sylag Batyryň şu ýyl gazanan ilkinji üstünligi däldir. Ol mart aýynda Marokkada geçirilen “Agadir Grand Prix” ýaryşynda üçünji orny eýeläpdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary bir altyn we bir kümüş medal bilen umumy hasapda bäşinji orny eýeledi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow