Baş sahypa
\
Sport
\
“Al­tyn asyr” AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny ýeň­di
Sport
“Al­tyn asyr” AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny ýeň­di
Çap edildi 22.08.2018
2616

Aş­ga­ba­dyň “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da hal­ka­ra zo­lak­la­ýyn ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­ly­nyň bi­rin­ji oý­nun­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny 3:2 ha­sa­by bi­len ýeň­di­ler. Du­şu­şyk Hin­dis­ta­nyň çem­pio­ny­nyň meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ri­lip, ol bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, içer­ki ýa­ryş­da öň­de­ba­ry­jy ha­sap­la­nyp gel­ýär­di. Em­ma türk­men fut­bol­çy­la­ry oýun­dan yl­ham alyp, eý­ýäm onuň 11-nji mui­nu­dyn­da Wa­hit Oraz­sä­he­dow ha­sa­by aç­dy. Şun­dan soň hem Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny ba­dy­ny gow­şat­ma­dy, eý­ýäm tiz wagt­dan Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ha­sa­by art­dyr­dy. Türk­men to­pa­ry­nyň peý­da­sy­na 2:0 ha­sa­by bi­len to­par­lar ara­kes­mä çyk­dy­lar. Oý­nuň ikin­ji ýa­ry­my myh­man­la­ryň hü­jüm­le­ri bi­len baş­lan­dy, olar 46-njy mi­nut­da Wa­hit Oraz­sä­he­do­wyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ar­tyk­maç­ly­gy üç pök­gä çen­li art­dyr­dy­lar. Şon­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ýaz­gu­ly Ho­ja­gel­di­ýe­wiň şä­girt­le­ri iş bit­di ha­sap edip, me­ge­rem, bat­la­ry­ny gow­şa­dan bol­sa­lar ge­rek. Meý­dan eýe­le­ri bol­sa bu ýag­daý­dan des­si­ne peý­da­lan­dy­lar. Oý­nuň 63-nji mi­nu­dyn­da Ra­hul Be­ke bir pök­gi­ni, oý­nuň ahy­ryn­da bol­sa, Erik Paar­ta­lu ikin­ji pök­gi­ni myh­ma­nyň der­we­ze­si­ne gö­nük­dir­di­ler. “Ben­ga­lu­ru” to­pa­ry­nyň şun­dan uly üs­tün­li­ge wag­ty hem, güý­ji hem ýet­me­di. Jo­gap du­şu­şy­gy 29-njy aw­gust­da “Kö­pet­dag” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow