Baş sahypa
\
Sport
\
Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di
Sport
Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di
Çap edildi 28.08.2018
2871

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy. Şu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin üs­tün­lik­li bol­ma­dy. Ba­şa-baş gö­re­şiň bu gör­nü­şin­de türk­men tür­gen­le­ri­niň iki­si çär­ýek fi­na­la çyk­dy­lar — 66 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si, dün­ýä­niň we Azi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry­nyň en­çe­me ge­zek ýe­ňi­ji­si Ma­rat Ora­zow hem-de Da­ýanç Ta­ga­now (90 kg-dan ýo­ka­ry) şu ýy­lyň dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň bü­rünç baý­ra­gy­nyň eýe­si bo­lup dur­ýar. Olar 1/16 we 1/8 fi­nal du­şu­şyk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ge­çip, Ow­ga­nys­tan­dan we Hin­dis­tan­dan, soň­ra bol­sa Mon­go­li­ýa­dan tür­gen­le­riň iki­sin­den üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar. Em­ma bi­ziň il­de­şi­mi­ze ýa­rym fi­na­la çyk­mak ba­şart­ma­dy. D.Ta­ga­now Ow­ga­nys­tan­dan bo­lan gar­şy­daş bi­len bäs­le­şen­de, ýe­ňiş gar­şy­daş to­pa­ryň we­ki­li­ne be­ril­di. M.Ora­zow dün­ýä çem­pio­nyn­dan we Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­sin­den ýe­ňil­di. Boks­çy­myz Hur­sand Iman­ku­ly­ýew me­dal ga­zan­mak­dan as­gyn gel­di. 60 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de çär­ýek fi­nal­da ol Mon­go­li­ýa­dan bo­lan örän güýç­li tür­gen bi­len bäs­leş­me­li bol­dy. Ol to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da bä­şin­ji orun­da gal­dy. Tut­lu­şy­gyň il­kin­ji iki dö­wün­de bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň ur­gu­la­ry dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, üçün­ji tut­lu­şyk­da türk­men boks­çy­sy el­den gi­di­re­ni­niň öwe­zi­ni dol­mak mak­sa­dy bi­len, hü­jüm et­di. Em­ma, gö­reş bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň haý­ry­na ta­mam­lan­ma­dy. Er­tir, to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň 11-nji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry dzýu­do bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra gat­na­şar hem-de ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar do­wam eder.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow