Baş sahypa
\
Sport
\
Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy
Sport
Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy
Çap edildi 30.08.2018
3036

Şu gün XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­riň jem­leý­ji gü­ni bol­dy. Olar 90 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de er­kek­le­riň ara­syn­da, 78 kg çen­li ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­di. 1/8 fi­nal­a Ma­ri­ýa Lo­ho­wa örän oňat gör­ke­zi­ji­ler bi­len baş­la­dy. Hin­di tür­gen gy­zy bi­len du­şu­şyk­da ga­za­ny­lan aras­sa ýe­ňiş bi­ziň wa­tan­da­şy­my­zyň örän oňat til­sim gör­kez­me­gi ne­ti­je­sin­de tut­lu­şy­gyň 2-nji mi­nu­dyn­dan soň ha­sa­ba alyn­dy. Hy­ta­ýyň Taý­be­ýi­niň we­ki­li bi­len çär­ýek fi­nal du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da M.Lo­ho­wa utuk­lar bo­ýun­ça yz­da bar­ýar­dy, em­ma şon­dan soň, ol iş­jeň­leş­di we ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Tut­lu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na bir­nä­çe se­kunt ga­lan­da emin­ler onuň bäs­de­şi­ne ýe­ne-de bir utuk ber­di­ler, ikin­ji ge­zek ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­dy. Ne­ti­je­de, bi­ziň tür­ge­ni­miz bä­şin­ji or­ny eýe­le­di. Gu­wanç Be­ga­li­ýew hem şeý­le ne­ti­jä­ni gör­kez­di. 1/8 fi­nal­da fi­lip­pin­li päl­wan bi­len tut­lu­şyk­da oňa ne­ti­je­li til­sim ge­çir­mek üçin bir mi­nut­dan gow­rak wagt ge­rek bol­dy. Ýa­rym fi­na­la çyk­mak ug­run­da tut­lu­şyk­da, Azi­ýa oýun­la­ry­nyň li­de­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk tür­gen­le­riň iki­si üçin hem çyl­şy­rym­ly bol­dy. Bi­ziň päl­wa­ny­myz ýe­ňiş ga­zan­ma­ga örän ýa­kyn bol­dy, em­ma di­ňe ha­sa­by azalt­mak ba­şart­dy, şol sebäpli üs­tün­lik hem gazanylmady. Ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş gün­le­ri­niň üçü­sin­de türk­men tür­gen­le­ri 4 ge­zek sy­lag­la­ra ýa­kyn­laş­dy­lar, em­ma üs­tün­lik bi­ziň ta­ra­py­myz­da bol­ma­dy. Ne­ti­je­de, 4 sa­ny bä­şin­ji orun eýe­len­di. Azia­da­nyň on üçün­ji gü­ni dzýu­do bo­ýun­ça ýa­ryş­lar do­wam eder hem-de sam­bo bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler baş­la­nar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow