Baş sahypa
\
Sport
\
Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Sport
Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Çap edildi 05.09.2018
2833

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy. 66 kilograma çenli agram derejesinde Medet Hallygurbanow ikinji orny eýeledi. Sportuň şu görnüşinde ildeşlerimiziň gazananlarynyň hasabynda bürünç medallaryň 4-si bar: olary Agajan Hallygurbanow (60 kg. çenli), Jangeldi Medow (74 kg. çenli), Arslan Hojaberdiýew (84 kg. çenli) we Wepa Orazmyradow (96 kg.çenli) gazandylar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 22 medal, şol sanda iň ýokary gymmatlykly medallaryň 8-si bar. Bu netijeler ýaryşlaryň bary-ýogy dört gününde gazanyldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow