Baş sahypa
\
Sport
\
Çar­wa­dar­la­ryň oýun­la­ryn­da ýig­ri­mi üçün­ji me­dal
Sport
Çar­wa­dar­la­ryň oýun­la­ryn­da ýig­ri­mi üçün­ji me­dal
Çap edildi 06.09.2018
2897

Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da aba gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di, on­da türk­men tür­gen­le­ri no­bat­da­ky kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu ge­zek 80 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de çy­kyş eden il­de­şi­miz Işan­my­rat Ata­ýew ta­pa­wut­lan­dy. Spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re 18 ýurt­dan kyrk­dan gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Bi­ziň tür­ge­ni­miz bäs­deş­le­rin­den yz­ly-yzy­na üs­tün çy­kyp, fi­na­la ýet­di. Em­ma fi­nal­da türk­me­nis­tan­ly tür­ge­ne ýeň­mek ba­şart­ma­dy. Şun­da bi­ziň il­de­şi­mi­ziň has ýo­ka­ry or­ny eýe­le­mä­ge müm­kin­çi­li­gi hem bar­dy, ýö­ne öň­ki ge­çi­ri­len tut­lu­şyk­lar­da bir­nä­çe şi­kes alan hem-de bel­li bäs­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar­da köp güýç sarp eden I.Ata­ýew di­ňe kü­müş me­dal bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Bu — oýun­la­ryň bäş gü­nü­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň 23-nji me­da­ly bol­dy. Hä­zir­ki gü­ne çen­li umu­my ha­sap­da Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry 8 al­tyn, 5 kü­müş we 10 bü­rünç me­dal bi­len dör­dün­ji orun­da bar­ýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow