Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awazada halkara pudaklaýyn forum
Jemgyýet
Awazada halkara pudaklaýyn forum
Çap edildi 09.10.2018
1936

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirilýär. Türkmenistana bu foruma gatnaşmak üçin 26 döwletiň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri geldiler. Has köp adamly wekiliýetler goňşy Özbegistandan hem-de Niderlandlardan geldi. “Seýrana” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylmagy folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlaryň başyny başlady. Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde syýahatçylyk pudagyna möhüm orun berip, özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berýär. Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzda syýahatçylyk işiniň degişli düzümini döretmek, hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem ýakynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýatlanyp geçildi. Bu çäre türkmen topragynyň syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň mekanydygyny dünýä äşgär etdi. Sergide daşary ýurtlaryň syýahatçylyk agentlikleri, myhmanhana işewürliginde hem-de beýleki garyşyk ugurlarda işleýän guramalar we kärhanalar, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bölümleri, bu ugurda ýöriteleşen hususy kompaniýalaryň onlarçasy, Awazanyň myhmanhanalary öz diwarlyklaryny görkezdiler. Sergi häzirki zamanyň syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň gerimini hem-de bu ulgamda Türkmenistanyň örän uly mümkinçiliklerini görkezýär. Şolar baý taryhy-medeni mirasa, tebigy gözellikleriň we täsin serişdeleriň köpdürlüligine esaslanýar. Bularyň ählisi hem-de pudagyň döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi, ösen ulag gatnawlary, ýurtdaky şypahana-dynç alyş işiniň ýokary derejesi we myhmansöýerligiň iň oňat milli däpleri gezelençleriň düşünjäňi artdyrýan syýahatçylykdan başlap, lukmançylyk-sagaldyş hem-de ekologiýa gezelençlerine çenli islendik görnüşlerini guramaga mümkinçilik berýär. Maslahat şu we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň geljegine bagyşlanyldy. Onuň umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri daşary ýurtly kärdeşlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny dünýä belentligine çykarmak hem-de Türkmenistany halkara syýahatçylygynyň iri merkezine öwürmek boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar. Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar öz tekliplerini, pikirlerini hem-de taslamalaryny hödürläp, syýahatçylyk ýaly ünsi çekýän ulgamda türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge we işjeňleşdirmäge artýan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan jahankeşdelik we işewür saparlar üçin meşhur ugur bolmagyny barha artdyryp, diňe bir geçen döwürleriň baýlygy bilen däl, eýsem, döwrebap özgertmeler, ýokary üstünlikler, ägirt uly ykdysady kuwwat bilen hem ünsi çekýär. Pikir alyşmalar bu ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri göz öňüne getirmäge, pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň peýdaly işläp taýýarlamalaryny seljermäge, bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň has göreldeli mysallaryna garamaga mümkinçilik berdi. Ertir maslahat bölümler boýunça öz işini dowam eder. Şolaryň biri 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bolmagy bilen baglylykda, taryhy-medeni mirasa bagyşlanar. Beýleki bölümde işgärleri taýýarlamak, hünär ugurly bilim berlişi baradaky meselelere üns çekiler, syýahatçylykda innowasiýalaryň ornuna garalar. Üçünji mejlisde esasy mesele ekologiýa syýahatçylygy hem-de ýurdumyzda ony ösdürmegiň ugurlary barada bolar. Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmäge, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny ilerletmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow