Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda
Sport
Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda
Çap edildi 09.10.2018
2857

Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi. S.Meladze halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek baýrak eýesi bolmak bilen, 72 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji üç synanyşygyň çäklerinde agramy kesgitledi. Ol 182 kilogram agram bilen birinji synagyň hötdesinden geldi. Indiki gezekde ol 185 kilogramy üstünlik bilen götermegi başardy. 187 kilogramlyk agramy götermek üçin çykan jemleýji synanyşygy biziň türgenimiz üçin şowsuz tamamlandy. Ýaryşda ildeşimize Aziýanyň iň güýçli ştangaçylarynyň onusy garşydaş boldular, ýöne ussatlygynyň hem-de ýeňşe bolan erkiniň netijesinde S.Meladze hormat münberiniň üçünji basgançagyny eýeledi. Ildeşimiz Täjigistandan hem-de Ýaponiýadan gelen türgenlerden 14 kilogram öňe geçmegi başardy. Diňe 2016-njy ýyldaky paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýesi hem-de dünýä Kubogynyň ýeňijisi ýokary netije görkezdiler. Sergeý Meladzeniň iri halkara ýaryşlarynda çykyş etmekdäki uly tejribesini bellemek gerek: ol Londondaky, Rio-de-Žaneýrodaky paralimpiýa oýunlaryna hem-de dünýä çempionatlaryna gatnaşypdy. 2018-nji ýylyň başynda biziň agyr atletikaçymyz Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň arasynda pauerlifting boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň kümüş baýragynyň eýesi boldy. Jakartada gazanylan medal hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän ýurdumyzyň paralimpiýaçylarynyň taýýarlygynyň ýokary derejedediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Indoneziýadaky Aziýa paralimpiýa oýunlary dowam edýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow