Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze söwda merkezi paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüne goşuldy
Jemgyýet
Täze söwda merkezi paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüne goşuldy
Çap edildi 13.10.2018
2228

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdanynda gurlan jaýlardaky öýleri şäher ilatyna bermek barada karar kabul etdi, şeýle hem söwda merkezini döretmek boýunça tabşyryk berdi, ol şu gün dabaraly ýagdaýda ulnamaga berildi. Paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüni ýetiren iki gatly hyzmatlar merkeziniň açylyş dabarasyna şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabarada aýdym-sazly, türgenleriň çykyşlary boldy. Toplumyň birinji gatynda azyk önümleriniň, ikinjisinde – senagat we hojalyk harytlarynyň giň görnüşi bar. Söwda bölümleriniň marketing düzgünlerine we hyzmatyň döwrebap ugrunyň talaplaryna laýyklykda oýlanşykly ýerleşdirilmegi alyjylar üçin amatly şertler döredýär, olara ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler teklip edilýär. Merkeziň içişiginde oturdylan alyjylar üçin oňaýly maglumatlar terminaly gerekli önümiň ýa-da harydyň barlygy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow