Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen karateçileriniň üstünlikleri
Sport
Türkmen karateçileriniň üstünlikleri
Çap edildi 30.06.2015
2245

Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şeýle ýokary görkezijisi umumy toparlaýyn bäseşikde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Biziň türgenlerimiz diňe ýerli karateçilerden asgyn geldiler. Mundan başga-da, ýaryşlary guraýjylar kumite boýunça toparlaýyn ýaryşlaryň kubogyny esaslandyrdylar. Bu bäsleşiklerde türkmen türgenleri öz ussatlyklaryny görkezip, bäsdeşlerine ýekeje ýeňiş gazanmaga-da mümikinçilik bermediler. Hormat münberine Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Diýar Hojaýew, Rüstem Annaýew, şeýle hem tälimçi we bäsleşige gatnaşýan türgen Döwlet Berdiýew çykdylar. Türkmenistanly türgenler toplumlaýyn oýunlaryň ýekelikdäki we toparlaýyn görnüşlerinde, görkezme çykyşlarynda we başa-baş duşuşyklarynda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda türkmen türgenleri Durdymyzat Meredow, Arslan Ataýew, Selim Myratdurdyýew, Baýry Baýryýew, Faruh Ýoldaşow, Oraz Durdyýew, Röwşen Hudaýberenow we Orazmuhammet Durdyýew medallaryň sanyny artdyrdylar. Olar Aşgabadyň we Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň sport mekdepleriniň wekilleridir. Türkmenistanyň adaty karate baradaky Milli merkeziniň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň pikirine görä, türgenlerimiziň şeýle üstünligi tötänden däldir. Türkmenistanly türgenler indi köp ýyllaryň dowamynda halkara sport giňişliginde ökdeleriň hatarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. Ýakynda Polşanyň Stara Wiýes şäherinde geçirilen sekizinji dünýä Kubogynyň ýaryşlaryny agzamak ýerlikli bolar. Dünýäniň iň gowylary hökmünde ykrar edilen erkek karateçileriň 8-sinden, şeýle hem karateçi zenanlaryň 8-sinden ybarat jemi 16 türgeni çagyrylan bu ýaryşlara biziň ýudumyzdan Diýar Hojaýewiň we Zöhre Jumabaýewanyň gatnaşmagy we olaryň dünýäniň güýçli karateçileriniň bäşligine düşmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi biziň türgenlerimziň Hindistanyň adaty karate Akademiýasynyň ýanyndaky Bütindünýä karate federasiýasynyň esaslandyran ýokary derejedäki karate ligasyna çagyrylandygyny belledi. Bu ýerde dünýäniňiň iň ökde türgenleri ussatlyk sapaklaryny alýarlar. Şolaryň hatarynda türkmen türgenleri D.Hojaýewiň we R.Hudaýberenowyň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Olar söweş sungaty boýunça ähli ugurlary öz içine alýan ýörite taýýarlaýyş okuwlaryny geçerler, ýogany – özüňe göz ýetirmegiň gadymy hindi ulgamynyň tärlerini, lukmançylyk bilimlerini we beýlekileri öwrenerler. Şu ýylyň 18-23-nji awgusty aralygynda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda adaty karate boýunça Balkan welaýatynyň açyk çempionaty geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerine we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän toparlardan ýüzlerçe türgenler gatnaşar. Bu ýerde bäsleşiklerden başga-da, Adaty karate boýunça Milli merkeziniň tälimçileriniň sport derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirer.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow