Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahal welaýatynda täze döwrebap obalaryň gurluşygyna badalga berildi
Jemgyýet
Ahal welaýatynda täze döwrebap obalaryň gurluşygyna badalga berildi
Çap edildi 29.10.2018
2148

Kaka etrabynyň “Gowşut” hem-de Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap obalaryň binýadyny tutmak dabaralary geçirildi. Adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwrebap obalary gurmak hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady, demografik we ekologiýa görkezijileriniň, oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen welaýatlary özgertmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň ösüşlere beslenen özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Özgertmeleriň maksadalaýyk amala aşyrylmagy welaýatlarda önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy serişde kuwwatlyklaryny artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu etraplarda täze obany gurmaga umumy meýdany 108 gektar bolan ýer bölekleri bölünip berildi. Ýakyn geljekde şol ýerlerde ösen durmuş düzümleri bolan ilatly ýerler peýda bolar. Şol ýerlerde her obada öýleriň 400-sini gurup, obalaryň hersinde 2 müň adamyň ýaşamagyny üpjün etmek maksat edinilýär. Bular bir gatly iri panelli öýler bolup, şolaryň 100-si bäş otagly, 200-si dört otagly we 100-si üç otagly öýlerdir. Öýleriň taslamalary düzülende türkmeniň oba durmuşynyň aýratynlyklary nazara alyndy. Şeýle hem ekin meýdany, hojalyk zerurlyklary üçin bassyrma, ulag goýmak üçin ýer hem-de zerur inžener-tehniki aragatnaşyk serişdeleri göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş toplumlarynda geňeşlikleriň dolandyryş binalary, 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, söwda merkezleri, saglyk öýleri, däp-dessur geçirilýän meýdançalar, awtoduralgalar gurlar. Bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryny öňdebaryjy enjamlar hem-de tehnikalar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Taslamalarda desgalaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. …Täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna milli parlamentiň deputaty, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkyň saýlanlarynyň wekiliýeti, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýokary amatlylygy bolan täze nusgalyk obalaryň bina edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan düýpli we giň gerimli özgertmeler eýýamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow şu günki dabaralaryň döwletimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň mizemezdigini we yzygiderlidigini beýan edýändigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar hem-de düýpli özgertmeler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy adamlaryň müňlerçesiniň diňe bir durmuşyny gowulandyrman, eýsem, sebitiň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berer. Döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary häzirki çäreleriň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow