Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
Jemgyýet
Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
Çap edildi 29.10.2018
1930

Söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem, hususan-da, bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyna türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa bolan iş sapary aýdyň şaýatlyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Bilim ministrliginiň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary girdi. Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Jidel Paraskiw, Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Dana Nekulaesku bilen geçirilen duşuşyklarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylda Rumyniýa we 2012-nji ýylda Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana bolan resmi saparlarynyň netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gol çekilen resminamalaryň toplumy giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mäkäm binýada öwrüldi. Türkmen wekiliýetiniň häzirki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Сarol Davila adyndaky lukmançylyk ylymlary we farmasewtika uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Rumyniýanyň Diplomatiki institutynda ýurdumyzyň wekiliýeti bu ýerde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” hem-de “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri Rumyniýanyň rektorlarynyň Milli geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar. Onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine, hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Braşow şäheriniň Transilwaniýa uniwersitetiniň hem-de Buharestiň ykdysady ylymlar uniwersitetiniň arasynda ähtnamalara, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ýassy şäheriniň oba hojalyk ylymlary hem-de weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty bilen Buharest şäheriniň raýat inženeriýasy tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Mejlise gatnaşyjylar bilim ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna möhüm goşant bolup, mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmek bilen, täze anyk mazmun esasynda baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow