Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Sport
Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Çap edildi 04.11.2018
2951

Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi. Kýokuşinkaý — karate görnüşinde kumite (sparring) boýunça ýaryşlarda weteranlar toparynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgäri Seýran Potarow (85 kilogramdan ýokary agram derejede) we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgäri Farhat Jumaýew (85 kilograma çenli agram derejede) birinji orunlary eýelediler. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Eziz Öwlýagulyýew we Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat Annagylyjow 85 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular. 65 kilogram agram derejesinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Daýanç Gylyçdurdyýew üçünji orny eýeläp, bürünç medal bilen sylaglandy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow