Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkiýede «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ylmy maslahat we adybir kitap bilen tanyşdyryş geçirildi
Jemgyýet
Türkiýede «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ylmy maslahat we adybir kitap bilen tanyşdyryş geçirildi
Çap edildi 08.11.2018
2129

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahat we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň türk dilindäki nusgasy bilen tanyşdyryş geçirdi. Çäreleriň çäklerinde gurnalan sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri we Türkmenistanyň medeniýeti hem-de däp-dessurlary barada gürrüň berýän dürli eksponatlar görkezildi. Şeýle hem Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Çärä gatnaşanlara milli tagamlar hödür edildi. Foruma Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýa. Karadeniz, Kastamonu welaýatynyň häkimi T. Babaş, Kastamonu döwlet uniwersitetiniň rektory S. Aýdyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň baş sekretary D. Kaseinow, türkmen-türk dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyçlaryna laýyklykda halkara ulag-logistika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy, energetika ulgamynda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýurduň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat startategiýasy barada aýtdylar.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow