Baş sahypa
\
Sport
\
Gözelligiň we çeýeligiň baýramçylygy
Sport
Gözelligiň we çeýeligiň baýramçylygy
Çap edildi 29.03.2015
2283

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly sport ýaryşlarynyň hatarynda çeper gimnastika boýunça geçen dynç güni bolan Türkmenistanyň çempionaty ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Paýtagtymyzdaky “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan wekilleriniň iň gowulary ýygnandylar. Gözelligiň we çeýeligiň ýaryşlaryna türgenleriň 50-ä golaýy gatnaşdy. Bäsleşikleriň jemleri boýunça paýtagtymyzyň toparynyň wekilleri ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdiler. Olar çempionatyň altyn medallarynyň hemmesini diýen ýaly eýelemegi başardylar. Mundan başga-da, aşgabatly türgenler birnäçe toparlarda baýrakly orunlaryň hemmesine mynasyp boldular. Şeýle hem aşgabatly tälimçiler Jemile Myradowanyň, Maral Nazarowanyň we Weronika Gorýunowanyň tälim berýän türgenleri sport ussatlary toparyndan Maýsa Rejebowa, sport ussatlygyna dalaşgär Dünýägözel Atanyýazowa, birinji derejeli türgen Tatýana Žilkina we üçünji derejeli türgen Nika Gorýunowa, ýetginjekleriň arasynda üçünji derejeli türgen Selina Boýnyýogyn Türkmenistanyň bu gezekki çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler. Mary welaýatyndan gelen ikinji derejeli türgen Walentina Sawiçewa (onuň tälimçisi Fiza Aýwazowa) bir toparda ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp boldy. Balkan welaýatyndan gelen türgenleriň hatarynda Galina Paýarkinanyň tälim berýän türgenleri birinji derejeli türgen Waleriýa Şükürowa hem-de sport ussatlygyna dalaşgär Irina Brehowa kümüş medallara mynasyp boldular. Bäsleşikleriň barşynda türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem giň orun berildi. Erkin görnüşde çykyş eden dört ýaşly Medine Hudaýberdiýewa ýaryşlara tomaşa edýänleriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Medine özüniň ýaşyna garamazdan ýokary ussatlyk görkezýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýaş türgeniň uly geljegi bar. Çeper gimnastika bilen meşgullanýan türgenler ýurdumyzyň Kubogy ugrunda şu ýylyň maýynda Aşgabadyň “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän jogapkärli milli ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Şu ýylyň 31-nji martynda Lebap welaýatynyň merkezinde çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçiriljekdigini bellemeli. Oňa ýurdumyzyň ussat türgenleri gatnaşarlar. Türgenler ýaş aýratynlyklaryna we derejelerine laýyklykda medallar ugrunda bäsleşerler.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow