Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleriniň goşa üstünligi
Sport
Türkmen türgenleriniň goşa üstünligi
Çap edildi 09.03.2015
2202

Mogilew şäherinde (Belarus Respublikasy) 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda akrobatika boýunça geçirilen “Kinder Surprise” atly 10-njy halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki kümüş medal gazandylar. Ildeşlerimiz jübütleýin toparda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Ahmet Nazargulyýewden, Gaýrat Hojakowdan, Karlen Grigorýandan we Amirjan Arutýunýandan ybarat düzümdäki türkmen türgenleriniň topary diňe ýer eýeleriniň wekillerini öňe geçirdiler. Ýaryşyň finalynda türgenlerimiz belarus toparyndan bolan bäsdeşleri bilen tutanýerli bäsleşdiler. Emma çekeleşikli göreşiň barşynda eminler topary ýaryşy guraýjylaryň toparyna ýokary baha berdi. Netijede, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Irina Kruglikowanyň şägirtleri esasy bäsdeşlerinden bir baldan azrak yza galyp, kümüş medal gazandylar. Jübütleýin çykyşda aşgabatlylar Hezret Şirgulyýew—Wladimir Kostýaýew tapawutlandylar. Bu gezek Türkmenistanyň akrobatika boýunça milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Nataliýa Rejebowanyň şägirtleri üçünji orny eýelän belarusly türgenlerden öňe geçdiler, emma aýgytlaýjy duşuşykda Moldowa Respublikasynyň toparyndan bir utukdan azrak yza galdylar. Jübütleýin çykyş edýän türkmen türgenleri halkara derejesindäki dürli ýaryşlarda gazanylan medallaryň ençemesine eýe boldular. Olaryň hatarynda 2011-nji ýylda Şweýsariýada gazanylan altyn medallar hem bar. Iki bolup çykyş edýän türkmen türgenleri Gunça Kakaýewa bilen Jeren Ioliýewanyň gazanan netijesi barada hem bellemek gerek. Olar öz çykyşyny dördünji orna mynasyp derejede tamamladylar. Türgenleriň bu toparynda Ýewropa çempionatynyň ýeňijileri, şol sanda Germaniýadan we beýleki ýurtlardan bolan güýçli türgenler hem çykyş etdiler. Türgenlerimiz dünýä belli bäsdeşleri bilen bir hatarda çykyş edip, olaryň köpüsinden, şol sanda ýaryşyň eýelerinden öňe geçmegi başardylar. Häzirki wagtda sport akrobatikasynyň ýaş türkmen ussatlary 8-12-nji aprelde ýene-de Belarus Respublikasynda (Witebsk) geçiriljek nobatdaky halkara ýaryşyna işjeň taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşlaryň öňýanynda Aşgabatda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemleri boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlener.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow