Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi ýeňiş bilen başladylar
Sport
Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi ýeňiş bilen başladylar
Çap edildi 09.03.2015
2118

Ýokary ligadaky toparlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, ol Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň Kubogynyň häzirki eýesi HTTU-nyň öz meýdançasynda bu baýragyň öňki eýesi “Balkan” bilen duşuşygynda gazanan ýeňşi bilen başlandy. Beýleki duşuşyklaryň hiç biri-de deňme-deň hasap bilen tamamlanmady. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky toparlaýyn ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi “Ahal” Aşgabatda ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän Mary şäheriniň “Energetik” toparyny 6:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony paýtagtymyzyň “Altyn asyr” topary bolsa milli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan beýleki bir täze topar bolan “Hazynadan” 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu toparyň talyplaryň arasynda sporty, hususan-da, futboly ösdürmäge uly üns berýän Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýolbaşçylygynyň başlangyjy boýunça döredilenine bary-ýogy bir aý bolandygy bellärliklidir. Oňa Aşgabat şäher sport komitetiniň futbol sport mekdebiniň tälimçisi Ahmet Agamyradow tälim berýär. Onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýaşlar (21 ýaşa çenli) ýygyndy topary ýanwar aýynda Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň Kubogy ugrunda XXIII gezek geçirilen ýaryşda iň oňat toparlaryň dörtlügine düşmegi başardy. Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” hem ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde “Daşoguz” toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, öz hasabyna ilkinji 3 utugy ýazdy. Baýramaly etrabynda bolsa “Merw” bilen “Aşgabadyň” duşuşygynda oýnuň ykbaly soňky minutlarda çözüldi. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda Berdi Şamyradow aşgabatlylary öňe çykardy – 1:0. 90-njy minutda çüňkden oýna girizilen pökgi bilen Ilýa Tamurkin hasaby deňledi – 1:1. Eminiň goşan goşmaça wagtynda bolsa Toýly Goçnazarow “Merw” toparyna ýeňiş getirdi – 2:1. Birinji tapgyrdan soň, derwezä iň köp pökgi geçirmeke öňdebaryjylar kesgitlenip ugrady. Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”) geçiren 4 pökgüsi bilen bu sanawuň başyny çekýär. Onuň topardaşy Gurban Annaýew hem-de “Şagadamyň” futbolçylary Azat Garajaýew we Hemra Amanmämmedow ondan iki pökgi yza galýarlar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow