Baş sahypa
\
Sport
\
Bahar baýramy mynasybetli ýaryşlar
Sport
Bahar baýramy mynasybetli ýaryşlar
Çap edildi 01.03.2015
2158

Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary — 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar. Sport tansy boýunça bäsleşikler “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda guraldy. Oňa 8-25 aralygyndaky ýaşdaky türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy. Bu bäsleşikler Ýewropa we Latyn Amerikasynyň tanslarynyň on ugry boýunça — haýal we wena walslary, tango, tiz we haýal ýerine ýetirilýän tanslar, sambo, rumbo, ça-ça-ça, zaýw hem-de pasodobl tanslary boýunça geçirildi. Hasap boýunça ikinji gezek geçirilýän şu gezekki ýaryşlar Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň howandarlygynda guraldy. Bu sport guramasy 2 aý mundan öň esaslandyryldy we onuň ilkinji derejeli wezipesi 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türkmen türgenlerini taýýarlamakdyr. Şu gezekki ýaryşlary bolsa Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň başlygy Jemal Baýramowanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň geçirilen gününden soň iki aýyň dowamynda türgenleriň ussatlyk derejesi ep-esli ýokarlandy. Mysal üçin, geçen çempionatda kümüş medallara mynasyp bolan jübüt Artur Lotfullin — Ýuliýa Çebotar bu gezek altyn medallara mynasyp boldular. Beýleki ugurlar boýunça jübütlikde çykyş etmekde Aly Rejepow — Dariýa Makarkina we Wladimir Paraskunow — Milana Sultanbekowa birinji orunlary eýelediler. Ýekelikde çykyş etmekde Elnara Gaýlyýewa, Rabiýa Allaýarowa we Lidiýa Gogolewa ýeňijiler boldular. Häzirki wagtda türkmen tansçylary aprel aýynda geçiriljek sport tanslary boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligine taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň ýakyn wagtlarda biziň türgenlerimizi halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşdyrmagy göz öňünde tutýandygy aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr. Göreş boýunça ýaryşlar bolsa Mary şäherinde geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dzýudoçy zenanlaryň 150-den gowragy gatnaşdy. Olar 1998-2001-nji ýyllar aralygynda doglan hem-de 18 ýaşdan 20 ýaşa çenli bolan türgen gyzlaryň arasynda geçirildi. Lebap welaýatynyň türgenleri has oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Hallyllaýewiň tälim berýän türgenleri A.Ýalkabowa, D.Rozykulowa, D.Hallyýewa, A.Jumabaýewa, D.Muhammedowa, Ş.Saparowa, S.Mämmedowa, Ý.Garýagdyýewa, M.Gurbanowa, G.Orazowa we N.Halmuminowa birinji orunlaryň 11-sini eýelediler. Aşgabatly türgenler O.Paşyýewa, L.Badaglyýewa, N.Muhiddinowa we A.Kokarewa hem birinji orunlary eýelediler, olara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Omar Muhammetnazarow we Margarita Filippowa tälim berýärler. Ýer eýeleri — Mary welaýatynyň toparlarynyň wekili A.Garçowowa hem ýeňiji boldy, onuň tälimçisi Begenç Mälikow. Dzýudo boýunça bäsleşikler saýlama ýaryşlaryň çäklerinde guraldy. Onuň netijeleri boýunça iri halkara ýaryşlaryna — Ýewropanyň dzýudo boýunça Kubogy ugrundaky açyk çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýetginjekler ýygyndy toparlary düzüler. Ol ýaryşlar 6-8-nji mart aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçiriler. Şonda ýetginjek ýaşyndaky türgenler bäsleşerler, aprel aýynyň başynda bolsa Afinada ýaşlaryň arasynda ýaryşlar geçiriler. Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda geçirildi we oňa 10 topardan ybarat bolan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe-sagaldyş merkezi, Demokratik partiýanyň merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Dokma senagat ministrligi bu ýaryşlaryň guramaçylary boldular. Türgenler ýeňil atletikanyň dört görnüşi — 60 we 200 metr aralygyna ylgamak, uzynlygyna bökmek we 4 X 100 metr aralygyna estafeta görnüşinde ylgamak boýunça güýç synanyşdylar. Şeýle hem olar drotikleri dürs zyňmak boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşiklerde Aşgabadyň “Ahal” tikin fabriginiň işçileri tapawutlanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlarynyň toparlary eýelediler.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow