Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda Ilat gaznasynyň Ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
Jemgyýet
Aşgabatda Ilat gaznasynyň Ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
Çap edildi 21.11.2018
1828

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýyl Ählumumy hasabat halkara guramalarynyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň gender we köpelmek hukuklarynyň üpjün edilmegi hem-de ilatyň köpelmek babatynda saglygynyň goragy ulgamynda tagallalaryň birleşdirilmegine bagyşlanyldy, bu meseleler Durnukly ösüş maksatnamalarynyň üsünji we bäşinji maksatlary bolup durýar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda nesil köpeltmek hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň ykdysady we durmuş ösüşine gönüden-göni täsirini ýetirýändigi bellenildi. BMG ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowa BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 25 ýylynyň dowamynda öz wekilçilik edýän guramasynyň ýurduň gender we nesil köpeltmek hukuklarynyň üpjün edilmeginde oňyn tagallalaryny goldap gelendigini aýtdy. Türkmenistanda nesil köpeltmek babatynda saglyk merkezleriniň 95-si döredildi we enjamlaşdyryldy, ilatyň nesil köpeltmek hukuklary hem-de olary durmuşa geçirmegiň usullary we beýlekiler barada habardarlyk edilmegine bagyşlanan okuw maslahatlary we çäreler yzygiderli geçirilýär. Ählumumy hasabatyň tanyşdyrylyşynyň çäklerinde Ilat gaznasynyň nesil köpeltmek saglygy we gender deňligi meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde iň gowy beýan edilendigi üçin her ýyl geçirýän bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. “Media — Türkmen” habarlar agentliginiň ORIENT saýtynyň habarçysy Maýa Amanmyradowa “Türkmenistanda maşgalany meýilleşdirmek: çagalaryň saglygy baradaky alada” atly makalany bäsleşige hödürläp “Gran pri” baýragyna eýe boldy. Şeýle hem “Çar tarapdan” radioýaýlymynyň hem-de “Neýtralnyý Turkmenstan”, “Daşoguz habarlary”, “Türkmen gündogary”, “Ahal durmuşy” we “Balkan” gazetlerine wekilçilik edýän žurnalistler baýraklara mynasyp boldular. Bäsleşige jemi ýurdumyzyň ähli künjeklerinden kyrk žurnalist gatnaşdy. Bäsleşige bu meselä bagyşlanan tele we radio gepleşikler, metbugatda hem-de onlaýn – serişdelerinde çap edilen makalalar hödürlenildi.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow