Baş sahypa
\
Sport
\
Ýaş türgenler uşu boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
Sport
Ýaş türgenler uşu boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
Çap edildi 23.02.2015
2301

Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýeňil atletika boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenleriň 100-e golaýyny ýygnady. Bu ýaryş ýetginjekleriň arasynda awgust aýynda Hytaýda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk tapgyrlarynyň birine örüldi. Çempionata çenli galan wagtyň içinde Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň tälimçileri has mynasyp türgenleriň 8-sini – oglanlaryň 5-sini we gyzlaryň-3-sini ýüze çykarmaly. Olar şol abraýly ýaryşda biziň ýurdumyza wekilçilik ederler. Häzirki birinjiligiň netijeleriniň görkezişi ýal, ýygyndyda şol orunlara dalaş edýänler az däl. Ýaryşyň barşynda oglanlaryň arasyndaky agram derejeleriniň 10-synda we gyzlaryň arasynda agram derejeleriniň 7-sinde medallar üçin bäsleşildi. Birinjiligiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzümine esasan aşgabatly we daşoguzly türgenler dalaş edýärler. Olar öz arasynda baýrakly oýunlaryň ählisini diýen ýaly paýlaşdylar. Şeýlelikde, ýetginjekler toparynda aşgabatlylar – Baýrammyrat Babaýew (48 kilograma çenli), Annageldi Agamyradow (52 kilograma çenli), Mergen Geldiýew (56 kilograma çenli), Rahat Rahymow (60 kilograma çenli), Geldimyrat Ataýew (65 kilograma çenli), Muhammet Gurbanow (75 kilograma çenli) we Sapar Saparow (85 kilograma çenli) altyn medallaryň 7-sini gazandylar. Birinji orunlaryň ikisini maryly türgenler – Döwran Meredow (70 kilograma çenli) we Rahym Orazdurdyýew (85 kilogramdan ýokary) eýelediler we bir altyn medala ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň wekili Eziz Gylyjow (80 kilograma çenli) mynasyp boldy. Eger ýetginjekler toparynda aşgabatlylar öňde barýan bolsa, gyzlaryň arasynda daşoguzly türgen gyzlar ýedi agram derejeleriniň altysynda ýeňiş gazandylar. Olardan Aýgözel Gurbangeldiýewany (48 kilograma çenli), Ogulnur Hudaýbergenowany (56 kilograma çenli), Merjen Saparowany (60 kilograma çenli). Baýrambibi Nurmuhammedowany (65 kilograma çenli), Şemşat Güljanowany (70 kilograma çenli) we Akjemal Akjaýewany (75 kilograma çenli) görkezmek bolar. Diňe 52 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna maryly türgen Jennet Atabaýewa çykdy. Umumy toparlaýyn ýaryşda Ýazmyrat Annamyradowyň, Şirmyrat Berdiýewiň we Ylýas Nuryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän aşgabatlylar birinji orny eýelediler. Ikinji orna Daşoguz welaýatynyň toparyndan Döwletgeldi Sapardurdyýewiň şägirtleri mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa ýaryşyň eýeleriniň toparynyň wekilleri – maryly türgenler (tälimçi Sylap Ataýew) eýelediler. Aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburgda “Gündogar-Günbatar” söweş sungatlarynyň IX Olimpiadasy geçiriler. Onuň maksatnamasyna uşu-sanda (tutluşyklar) boýunça hem ýaryşlar girýär. Bu ýaryşda ulularyň arasyndaky tutluşyklar bilen bir hatarda ýetginjekler toparynda hem medallar ugrunda bäsleşiler. Häzirki wagtda biziň türgenlerimiz Sankt-Peterburg Olimpiadasyna taýýarlyk görýärler. Onuň netijeleri boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlener. Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary 20-23-nji martda Rigada geçiriljek uşu boýunça Latwiýanyň açyk

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow