Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasyebtli hokkeý ýaryşy
Sport
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasyebtli hokkeý ýaryşy
Çap edildi 10.02.2015
2097

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryşlar başlandy. Oňa iki toparça 8 topar gatnaşýar. “A” toparçasyna Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Goranmak minstrliginiň Harby institutynyň “Watançy” hem-de Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň “Alp Arslan” toparlary girýär. “B” toparçasynda bolsa Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar minstrliginiň “Şir”, IIM-niň institutynyň “Nesil”, Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bürgüt” we Döwlet serhet gullugynyň “Merdana” toparlary çykyş edýär. Toparlaryň dördüsi (her toparçadan iki topar) medallar ugrundaky bäsleşigi dowam eder. Ýaryşlar Içeri Işler ministrliginiň institutynyň we Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançalarynda geçirilýär. Bäsleşikler Türkmenistanyň çempiony “Galkan” we “Watançy” toparlarynyň duşuşygy bilen açyldy. Oýun köplenç bir tarapyň artykmaçlygy bilen tamamlandy. Netijede, “Galkan” topary jogapsyz 9 hokkeý topuny geçirdi. “Oguzhan” bilen “Alp Arslan” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda “Oguzhanyň” hüjümçisi dört gezek tapawutlanmagy başardy. Bu oýun 10:1 hasabynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy. Dürli halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan “Şir” topary “Bürgüt” toparyny 18:3 hasabynda ynamly utmagy başardy. “Nesil” bilen “Merdana” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk örän çekeleşikli we ýokary netijeli boldy. Bu duşuşyk 22:2 hasabynda IIM-niň institutynyň peýdasyna tamamlandy. 11-nji fewralda ikinji tapgyryň oýunlary geçiriler. Garaşylyşy ýaly, esasy bäsleşik öňde baryjylar “Galkan” we “Oguzhan” toparlarynyň arasynda bolar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow