Baş sahypa
\
Sport
\
“Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi
Sport
“Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi
Çap edildi 11.12.2018
4846

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar. Ýaryşlara ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna wekilçilik edýän toparlaryň jemi altysy gatnaşdy. Ilkinji tapgyrda olar her birinde üç topar bolan iki toparça bölündiler, olarda ýarym finalçylar kesgitlenildi. “A” toparçada birinji duşuşykda “Şir” toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykan “Nesil” topary ýeňiji boldy. Soňky duşuşyklarda toparlaryň ikisi hem “Bürgüt” toparyny ynamly ýeňip, ýarym finala çykdylar. “B” toparçada ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony “Galkan” toparyna taý tapylmady, ol “Oguzhan” toparyndan (12:1) we “Watançy” toparyndan (13:6) ynamly üstün çykdy. Bu toparlaryň özara duşuşygynyň jemleri boýunça “Watançy” 5:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Ýarym final bäsleşiklerinde, garaşylyşy ýaly, “Galkan” “Şiri” (13:1) ynamly ýeňdi. “Watançy” “A” toparçada öňe saýlanan hem-de üçünji orun ugrundaky bäsleşikde “Şir” toparyny 10:1 hasabynda ynamly ýeňip, bürünç medala eýe bolan “Nesil” toparyny 12:3 hasabynda utdy. Esasy baýrak ugrundaky final ýaryş bäsleşikleriň iň ýokary derejesini alamatlandyrdy. “Galkan” ilkinji pursatlardan öňe saýlanyp, 8:1 hasabynda arakesmä çykdy. Emma “Watançynyň” hokkeýçileri ikinji döwürde güýçlerini jemläp, bäsdeşleriniň derwezesine 3 hokkeý topuny geçirdiler, üçünji döwürde bolsa utuklaryň tapawudyny ikä çenli gysgaltdylar. Şeýle-de bolsa, 9:6 hasabynda ýeňiş “Galkana” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny getirdi. “Galkanyň” hokkeýçisi Döwlet Söýünow has köp utuk toplap, ýaryşlaryň iň gowy oýunçysy diýlip, yglan edildi.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow